Ukrainadaky uruşdan gaçyp, Germaniýa aşýan bosgunlaryň sany azalyp, häzir bu görkeziji günde 2 müň adama golaýlaýar. Bu barada 14-nji maýda Germaniýanyň içeri işler ministri Nansi Faeser mälim etdi.
Mundan öň, Russiýanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli urşunyň ilkinji hepdelerinde Germaniýa günde gelýän ukrain bosgunlarynyň sany 15 müňe ýetýärdi.
German içeri işler ministri ýurda gelen bosgunlaryň uly böleginiň yzyna, Ukraina dolanjakdygyny aýtdy. Emma ol ýerli iş şertlerine ornaşmagy başaranlara ýurtda galmaga mümkinçilik boljakdygyny hem sözüne goşdy.
German neşirleriniň 14-nji maýda beren maglumatyna görä, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy sebäpsiz başladan urşundan bäri, Germaniýada 700 müňe golaý ukrain bosguny hasaba alyndy. Ukrain bosgunlarynyň 40% töweregi çagalar, 80%-i hem aýal-gyzlar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.