Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

G7 Hytaýy Russiýany goldamazlyga çagyrýar


G7 toparynyň düzümine girýän döwletleriň baýdaklary

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň G7 topary Hytaýy Ukrainanyň territorial bütewiligini goldamaga we Russiýa hemaýat bermezlige çagyrdy. Topar Moskwanyň Ukraina garşy başladan sebäpsiz urşunyň dünýäde ýiti azyk we energiýa krizisini döretmek wehiminiň bardygyny duýdurdy.

Bu baradaky beýanat 14-nji maýda G7 toparynyň Germaniýada üç gün geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edildi.

G7 Russiýanyň ýarany Belarusy hem Moskwanyň uruş “tagallalaryna” hemaýat bermezlige we “özüniň halkara borçnamalaryna ygrarly bolmaga” çagyrdy.

Düzümine ABŞ, Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Ýaponiýa girýän topar Russiýanyň Ukrainanyň galla hasylynyň eksport edilmeginiň öňüni almagyny bes etmegi boýunça gyssagly çäreleriň zerurdygyny, bolmasa munuň azyk krizisini hasam ýitileşdirjekdigini belleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG