Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Senatynyň Respublikan lideri Kiýewe geldi


Hüjüme sezewar bolýan ýurda goldaw yşaraty hökmünde amal edilýän bu saparyň dowamynda, senatorlar ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem duşuşdylar.
Hüjüme sezewar bolýan ýurda goldaw yşaraty hökmünde amal edilýän bu saparyň dowamynda, senatorlar ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem duşuşdylar.

ABŞ Senatynyň Respublikan lideri Mitç Makonnell (Mitch McConnell) we beýleki respublikançy senatorlardan düzülen delegasiýa, öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe geldiler.

Hüjüme sezewar bolýan ýurda goldaw yşaraty hökmünde amal edilýän bu saparyň dowamynda, senatorlar ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem duşuşdylar.

Zelenski bu saparyň “Birleşen Ştatlaryň kongresiniň iki palatasy, şeýle-de Amerikan halky tarapyndan goldawyň yşaraty bolandygyny” aýtdy.

Bu Senatyň Ukraina üçin $40 milliard töweregi hemaýaty tassyklamak ugrundaky tagallalarynyň arasynda amal edildi. Emma senator Rand Paul taslama çykdajylara gözegçilik etjek inspektoryň goşulmagyny talap edip, ony saklady.

XS
SM
MD
LG