Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goranmak ministrligi Mariupoldan 260-dan gowrak esgeriň ewakuasiýa edilendigini aýdýar


Goranmak ministrligi Mariupoldaky polat zawodyndan 260-dan gowrak ukrain esgeriniň ewakuasiýa edilendigini aýdýar

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky port şäherinde, Mariupolda galan ukrain esgerleriniň 260-dan gowragy 16-njy maýda, ençeme hepde bäri gabaw astynda bolan “Azowstal” zawodynyň bukularyndan ewakuasiýa edildi.

Ukrainanyň polat zawodynda ýerleşdirilen harby bölüminiň, Azow batalýonynyň serkerdeleriniň biri gabawyň soňlanmak ähtimallygy barada yşarat edeninden soň, Ukrainanyň Goranmak ministrligi ol ýerdäki adamlaryň ewakuasiýa ediljekdigini yglan etdi.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 53 sany "agyr ýaralanan" esgeriň Nowoazowskdaky keselhana äkidilendigini, beýleki 211 adamyň bolsa gumanitar koridor arkaly başga bir ýere ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Azow batalýony biraz öň sosial mediada "ähli Mariupol garnizonynyň janynyň halas edilmegi üçin Ýokary Harby serkerdeligiň tassyklan kararyny ýerine ýetirýändigini we ukrain halkynyň goldawyna umyt baglaýandygyny" habar berdi.

Azow batalýonynyň serkerdesi, podpolkownik Denis Prokopenko ugurdaş çap edilen wideoýazgyda bu kararyň "goşun serkerdeliginiň iň ýokary derejesinde kabul edilendigini we iň ýokary harby serkerdelik tarapyndan tassyklanan kararyň has möhümdigini" aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi biraz öň ýaralananlaryň polat zawodyny terk etmegine olaryň Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiligindäki şäherde bejerilmegi şerti bilen razy bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ministrlik, TASS-yň habaryna görä, zawodyň çäginde atyşygyň bes edilendigini we gumanitar koridoryň açylandygyny aýtdy.

Ýaralananlaryň uruş ýesiri hasaplanjakdygy ýa-da däldigi barada hiç bir zat aýdylmady.

"Mariupol" garnizony özüniň söweş missiýasyny ýerine ýetirdi” diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 17-nji maýda, ýüzlerçe ukrain esgeri ol ýerden ewakiasiýa edilenden bir gün soň çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Ýokary harby serkerdelik “Azowstalda” ýerleşýän bölümleriň serkerdelerine harby gullukçylaryň janyny halas etmegi buýurdy... Mariupoly goraýjylar biziň döwrümiziň gahrymanlary" diýip, beýanatda bellenýär.

Köpüsi ýaralanan söweşijiler Moskwa tarapyndan goldanýan gozgalaňçylaryň gözegçiliginde galýan şäherlere göçürildi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde “Azowstaldaky” esgerleriň ewakuasiýasyny Ukrainanyň harby we aňtaw gullugynyň, şeýle-de Gyzyl Haç guramasynyň we BMG-niň gurnandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol ukrain söweşijileriniň derrew boşadylmajakdygyny duýdurdy we olaryň boşadylmagy baradaky gepleşikleriň "çeýeligi we wagty" talap edýändigini aýtdy.

Şu aralykda, sebit resmileriniň habar bermegine görä, gündogardaky rus hüjümleriniň täzelenmegi bilen, parahat ilatyň arasynda azyndan 19 ýaşaýjy öldürildi.

Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý irden agyr top okuna tutulan ýaşaýyş etraplarynda ýangyn turandygyny we Sewerodonetskde 10 parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýtdy. Donetsk sebitinde hem dokuz ýaşaýjy öldürildi diýip, sebit häkimi Pawlo Kyrylenko Telegramda aýtdy.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, şu aralykda ýurduň ikinji uly şäheri bolan Harkowyň töwereginde barýan garşylykly hüjüm güýçlendi we rus goşunlaryny Harkowyň töweregindäki serhetlere tarap yza çekilmäge mejbur etdi.

"Harkow Ýaragly Güýçleriniň territorial goranmak güýçleriniň 127-nji brigadasynyň 227-nji batalýony ruslary döwlet serhedine çenli kowdy” diýip, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň 16-njy maýda Facebookda ýerleşdiren beýanatynda aýdylýar.

Prezidentiň geňeşçisi Oleksiý Arestowiçiň aýtmagyna görä, ukrain hüjüminden soň Harkowdan çykarylan rus goşunlary Donbasyň ugruna geçirilýär. Emma Ukrainanyň bu aýdanlaryny bada-bat tassyklap bolmady.

XS
SM
MD
LG