Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa bilen Ukraina gepleşikleriň togtadylýandygyny aýdýar


Belarus, Gomel, rus-ukrain gepleşikleri. Arhiw suraty.

Russiýa bilen Ukraina iki ýurduň arasynda barýan gepleşikleriň togtadylýandygyny habar berdiler.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko žurnalistleriň gepleşikler baradaky soraglaryna jogap berende: "Ýok, gepleşikler dowam etmeýär. Ukraina gepleşik prosesinden iş ýüzünde çykdy" diýdi. Onuň sözlerine görä, gepleşikler "hiç hili görnüşde" geçirilmeýär.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky gepleşikleriň togtadylandygyny Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygy Mihaýlo Podolýak hem tassyk etdi.

"Emma gepleşikler dikeldiler we onuň alyp baryjysy, meniňçe, Zelenski bolar" diýip, ol milli telemarofonyň efirinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ukraina prezident Wladimir Putiniň at-abraýyny saklamak üçin hiç bir zat bermekçi bolmaýar, jemgyýet ägirt uly töleg töledi.

Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina hüjüm edeninden birnäçe gün soň rus we ukrain taraplarynyň arasynda gepleşikler başlandy.

Rus prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow gepleşikleriň "gaty haýal we netijesiz" dowam edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG