Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlandiýa, Şwesiýa NATO agzalygyna resmi taýdan ýüz tutýar


"Siziň şu gün eden ýüz tutmalaryňyz taryhy ädimdir. Ýaranlar indi siziň NATO ýaranlygyna barýan ýoluňyzdaky indiki ädimleri maslahatlaşar" diýip, Stoltenberg aýtdy.
"Siziň şu gün eden ýüz tutmalaryňyz taryhy ädimdir. Ýaranlar indi siziň NATO ýaranlygyna barýan ýoluňyzdaky indiki ädimleri maslahatlaşar" diýip, Stoltenberg aýtdy.

Finlandiýa we Şwesiýa, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan harby agressiýasy bilen bagly aladalaryň ýokarlanmagynyň arasynda, özleriniň uzak wagtlyk bitaraplyk durumlaryny soňlamak bilen, Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasyna (NATO) agza bolmak üçin resmi ýüztutmalaryny gowşurdy.

“Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO ýaranlygyna goşulmak baradaky haýyşlaryny gyzgyn garşylaýaryn. Siz biziň iň ýakyn hyzmatdaşlarymyz" diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 18-nji maýda, Demirgazyk ýurtlarynyň iki ilçisini bileleşigiň Belgiýadaky baş edarasynda kabul edip, olaryň resmi arza hatlaryny alandan soň, žurnalistler bilen gürrüňinde aýtdy.

"Siziň şu gün eden ýüz tutmalaryňyz taryhy ädimdir. Ýaranlar indi siziň NATO ýaranlygyna barýan ýoluňyzdaky indiki ädimleri maslahatlaşar" diýip, Stoltenberg aýtdy.

Şwesiýa we Finlandiýa bir tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolsa, olaryň ikinjisiniň Russiýa bilen 1340 kilometr umumy araçägi bar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Finlandiýa bilen Şwesiýanyň ýaranlyga goşulmagyna garşy öz pikirlerini mälim etse-de, resmi arzalaryň gowşurylmagy iki hepde töweregi wagt almagyna garaşylýan prosesiň başyny başlaýar.

XS
SM
MD
LG