Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa tanymal 963 amerikalynyň Russiýa girmegini gadagan etdi


Gadaganlyk sanawynda Morgan Friman hem bar.

Russiýa Ukraina hüjümleri başlanaly bäri Waşingtonyň girizen çärelerine jogap edip, ýurda girmegi gadagan edilen 963 hökümet resmisiniň we öňdebaryjy amerikalynyň sanawyny çap etdi.

21-nji maýda çap edilen sanawda, şol sanda ABŞ prezidenti Jo Baýden, Facebook ulgamynyň baş direktory Mark Zukerberg ýaly biznes liderleri we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) prezidenti Jeými Flaý, şeýle-de Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gözegçilik edýän geňeşiň ozalky ýa häzirki agzalary bar.

Esasan simwoliki ähmiýete bolan sanawda wise-prezident Kamala Harris, döwlet sekretary Entoni Blinken, goranmak ministri Lloýd Ostin we transport ministri Pete Buttgieg ýaly Baýden administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň atlary bar.

Sanawda Wekiller palatasynyň spikeri Nensi Peolosi (demokrat – Kaliforniýa), Senatyň köplük lideri Çak Şumer (demokrat – Nýu-Ýork) we prezidentiň ogly Hanter Baýden hem bar.

Moskwa sanawdakylaryň köpüsini nyşana alýan sanksiýalaryny bireýýäm yglan etdi. Russiýanyň daşary işlker ministrligi beýanat çap edip, bu ädimiň “Russiýa garşy yzygiderli girizilýän sanksiýalara” jogap hökmündedigini aýtdy we munuň maksadynyň “planetanyň galan bölegini neokolonial ‘dünýä tertibine’ geçirmäge synanyşýan ABŞ-ny gysmakdan ... onuň pozisiýasyny üýtgetdirmekden we ABŞ-a täze geopolitiki hakykatlary kabul etdirmekden” ybaratdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG