Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Putiniň maksady Ukrainany ýok etmek diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putini Ukrainany "ýok etmek" synanyşygynda aýyplady we onuň Ukraina eden çozuşy üçin "uzak möhletleýin töleg" tölemelidigini aýtdy.

23-nji maýda Tokioda, Aziýa sapary wagtynda guralan metbugat ýygnagynda Baýden Russiýanyň mekdepler, teatrlar, hassahanalar we muzeýler ýaly raýat desgalaryny bombalamagynyň Putiniň 24-nji fewralda başlan çozuşynyň arkasynda ýatan hakyky niýetini görkezýändigini aýtdy.

"Men Putiniň etjek bolýan zadynyň Ukrainanyň kimligini ýok etmekden ybaratdygyna ynanýaryn" diýip, Baýden aýtdy.

"Ol [Ukrainany] basyp alyp bilmeýär, ýöne ol onuň kimligini ýok etmäge synanyşyp biler" diýip, amerikan prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukraina Russiýany sebäpsiz çozuş wagtynda wagşyçylyk etmekde aýyplaýar we mümkin bolan uruş jenaýatlarynyň 10 000-den gowrak delilini toplandygyny aýdýar.

Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär we Ukraina tarapyndan görkezilen wagşyçylyk subutnamalarynyň sahnalaşdyrylandygyny öňe sürýär.

"Ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýan çozuşyna başlamazyndan ozal Putin Ukrainanyň "hakyky döwletliligiň" bardygyny aç-açan inkär etdi we bu ýurduň Russiýanyň "öz taryhynyň, medeniýetiniň we ruhy giňişliginiň" aýrylmaz bölegidigini öňe sürdi.

Baýden Hytaý bilen Taýwanyň arasyndaky dartgynlygy gönüden-göni göz öňünde tutup, beýleki ýurtlaryň şuňa meňzeş agressiw hereketlere synanyşmazlygy nukdaý nazaryndan, Putiniň "Ukrainadaky wagşylygy üçin uly töleg tölemelidigini" nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG