Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zor bilen göçürilenleriň sany ilkinji gezek 100 milliondan geçdi - BMG


BMG 23-nji maýda Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň dünýäde zor bilen göçürilenleriň sanyny ilkinji gezek 100 milliondan geçirendigini aýtdy.

"Konfliktden, zorlukdan, adam hukuklarynyň bozulmagyndan we yzarlanmalardan gaçmaga mejbur bolan adamlaryň sany ilkinji gezek, Ukrainadaky we beýleki ganly çaknyşyklar sebäpli, 100 milliondan geçdi" diýip, BMG-niň bosgunlar edarasynyň 23-nji maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu sanlar bosgunlary, gaçybatalga gözleýänleri we öz ýurtlarynyň içinde bir ýerden başga ýere göçürilen 50 milliondan gowrak adamy hem öz içine alýar.

BMG-niň bosgunlar edarasy Efiopiýada, Burkina-Faso, Mýanma, Nigeriýa, Owganystan we Kongo Demokratik Respublikasy ýaly ýerlerdäki zorluklar sebäpli 2021-nji ýylyň ahyryna çenli zor bilen göçürilenleriň sanynyň ‘howsalaly’ 90 milliona ýetendigini aýtdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozaly bäri ýurduň içinde 8 milliondan gowrak adam başga ýerlere göçürildi, 6 milliondan gowrak bosgun serhetlerden aşyp, daşary ýurtlara gaçdy.

XS
SM
MD
LG