Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan DIM-i: Rus agressiýasyny diňe güýç bilen togtatmak mümkin


Angliýanyň daşary işler ministri Liz Tras 
Angliýanyň daşary işler ministri Liz Tras 

Angliýanyň daşary işler ministri Liz Tras Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "köşeşdirmek" synanyşyklaryny howply hasaplaýar. Moskwanyň Ukraina garşy başlan urşunda Russiýanyň ýeňilmegini kepillendirmek maksadyndan yza çekilmäge ýol berip bolmaz diýip, britan DIM-niň başlygy pikir edýär.

"Rus agressiýasyny köşeşdirip bolmaz. Oňa güýç bilen jogap bermek zerur. Biz, harby kömek bermek we sanksiýalar bilen, Ukrainanyň ýeňiş gazanmagyny üpjün etmeli. Indi gaz pedalyndan aýagymyzy aýryp bilmeris" diýip, Liz Tras BBC-niň Rus gullugy bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Günbatar Putiniň öz ýurtlaryndan dürli eglişikleri alyp, ilki Gürjüstana, soň bolsa Kryma we Donbasa hüjüm etmeginden, ýaňy-ýakyndaky taryhdan netije çykarmaly.

Estoniýanyň premýer-ministri Kaýa Kallas hem ýewropaly kärdeşlerine Wladimir Putine nähilidir bir gowşaklyk görkezmezlik barada duýduryş berdi.

"Ukraina üçin ýaramaz şertlerde baglaşylan parahatçylyk ylalaşygy biziň hemmämiz üçin ýaramaz parahatçylygy aňladar. Agressora edilýän we ownuk ýaly görünýän eglişikleriň ählisi birleşip, uly uruşlara sebäp bolýar" diýip, eston lideri aýtdy.

XS
SM
MD
LG