Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski özüniň Putin bilen gepleşikleri geçirmelidigini aýtdy


Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski

Prezident Wolodymyr Zelenski, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny kepillendirmek üçin, özüniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmelidigini aýtdy.

Ukrainanyň we Russiýanyň wekilleriniň arasyndaky bilinýän soňky ýüzbe-ýüz duşuşyk 29-njy martda geçirilipdi.

Gepleşikler az wagtlyk onlaýn ýagdaýda dowam etdirilse-de, olar soňy bilen togtap galdy.

Zelenski 27-nji maýda eden çykyşynda Ukrainanyň Putin bilen gepleşiklere höwes bildirmeýändigini, emma durmuş hakykatynyň ýüzünde, munuň urşy togtatmak üçin zerurdygyny belledi.

Şol bir wagtda, ol Russiýanyň çynlakaý parahatçylyk gepleşiklerine taýýar däl ýaly görünýändigini hem sözüne goşdy.

Kreml muňa jogap edip, Kiýewiň islegleriniň anyk däldigini öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG