Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň gündogaryndaky söweşler “gaty agyr”


Zelenski ukrain güýçleriniň “häzirki bar bolan goranyş mümkinçiliklerine görä, ýurdy goramak ugrunda tagalla edýändiklerini” aýtdy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Donbas sebitindäki häzirki ýagdaýlary “gaty agyr” atlandyrdy.

Bu aralykda, Russiýa güýçleri we Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk regionynyň soňky berkitmelerine hüjümlerini ýaýbaňlatdylar.

Zelenski rus güýçleriniň ähli ünsüni Dobasa gönükdirendigini we sebite artilleriýa toplaryny, raketalary atýandygyny aýtdy.

Ol ukrain güýçleriniň “häzirki bar bolan goranyş mümkinçiliklerine görä, ýurdy goramak ugrunda tagalla edýändiklerini” hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG