Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gabawdaky Şri-Lanka Russiýadan has köp nebit, kömür, ýangyç almak barada gepleşýär


Sürüjiler ykdysady krizis şertlerinde ýangyç bekedinde benzin satyn almak üçin nobata garaşýarlar. Şri-Lankanyň Kolombo şäheri, 2022-nji ýylyň 16-njy maý
Sürüjiler ykdysady krizis şertlerinde ýangyç bekedinde benzin satyn almak üçin nobata garaşýarlar. Şri-Lankanyň Kolombo şäheri, 2022-nji ýylyň 16-njy maý

Syýasy we maliýe taýdan kynçylyk çekýän Günorta Aziýa adasy Şri-Lanka, ýurduň ýeke-täk nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň gaýtadan işlemegine kömek etmek üçin Russiýadan 73 million çemesi dollarlyk nebiti kabul etdi we ýurduň energiýa ministrligine görä, energiýa gatnaşyklaryny has ýakynlaşdyrmak isleýär.

90 000 tonna rus nebiti Şri-Lankanyň tölegini tölemäge synanyşan mahaly birnäçe hepdeläp paýtagt Kolombonyň portunda saklandy.

Şri-Lankanyň energiýa ministri Kançana Wijesekera, hökümetiň çig nebit, kömür, dizel we benzin ýaly çig mallaryň gönüden-göni iberilmegi barada Moskwa bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

"Russiýanyň nebitini gönüden-göni ibermegi üçin Russiýanyň ilçisine resmi ýüz tutdum" - diýip, Wijesekera aýtdy.

Bu gepleşikler, Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäpli rus maliýe guramalaryna garşy girizilen sanksiýalara we şeýle üpjünçilik şertnamasynyň Kolombo üçin diplomatiýa taýdan döredip biljek netijelerine garamazdan geçirildi.

Kolombo, Rajapaksyň uzak wagtlap häkimiýeti öz elinde saklamagyna we hökümetiň ykdysadyýeti nädogry dolandyrmagyna garşy protestleriň fonunda daşarky karzlarynyň bir bölegini üzmekde defolt yglan etmäge mejbur boldy.

Krizis Şri-Lankanyň döwlet eýeçiligindäki "Ceylon Petroleum Corporation" nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mart aýynda ýapylmagyna mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG