Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde açlyk çekýän adamlaryň sany 18 million köpeler


BMG-niň wekili Maurizio Martina 

Azyk ýetmezçiligi, onuň bahasynyň ýokarlanmagy we Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebäpli dörän dökün ýetmezçiligi dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sanynyň 218 milliona ýetmegine alyp geler. Bu dünýä ilatynyň üç göterimine barabar adam bolýar.

BMG-niň wekili Maurizio Martina bu maglumaty Italiýanyň “Corriere della Sera” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

"Bu krizisden öňem dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sany köpelip, 2021-nji ýylda 53 ýurtda 200 million adama ýetipdi. Häzirki konflikt açlyk bilen bagly ýagdaýy hasam çuňlaşdyrar" diýip, Martina aýtdy.

BMG-niň täze hasaplamalaryna görä, Ukrainanyň portlarynda alty million tonna bugdaý we 14 million tonna töweregi mekgejöwen ýükleriniň öňi baglandy. Ösýän ýurtlaryň 55-sinden azyndan 36-sy ukrain we rus bugdaý eksportyna garaşly.

Martina BMG-niň ukrain bugdaýyny we mekgejöwen ýüklerini ýük ulaglary bilen Rumyniýa eksport etmeginiň üstünde işleýändigini aýtdy. Bu ýerden ol ýükler Dunaý derýasy arkaly başga ýerlere alnyp gidiler.

Emma muňa garamazdan, bu ýagdaýda eksport edilip biljek galla mukdaryny rus-ukrain konfliktinden ozal deňiz arkaly eksport edilen önüm bilen deňeşdirip bolmaz.

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň müdiri Deýwid Beasli Ukrainadaky krizis sebäpli aç adamlaryň sanynyň 276 milliondan 323 milliona çenli artjakdygyny çaklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG