Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebit gubernatory gündogar Ukrainada bir žurnalistiň öldürilendigini aýdýar


Sebit gubernatory Serhiý Haýdaý
Sebit gubernatory Serhiý Haýdaý

Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebitinde, parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin bronly ulaglaryň ulanylýan wagtynda, rus toplarynyň oduna sezewar bolan bir fransuz žurnalisti heläk boldy.

Sebit gubernatory Serhiý Haýdaýyň Telegramda ýerleşdiren habarynda aýtmagyna görä, ol ulag 10 adamy howpsuz ýere alyp çykmaga barýarka "duşman odunyň" astyna düşdi.

“Top okunyň gyçaklary awtoulagyň sowudyny deşip, ewakuasiýa barada habar berýän akkreditlenen fransuz žurnalistiniň boýnuna agyr ýara saldy, patrul polisiýasyny bolsa bolsa başyndaky kaskasy halas etdi" diýip, Haýdaý aýtdy.

"Biz ewakuasiýany resmi taýdan bes edýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Haýdaý ol žurnalistiň metbugat kartynyň suratyny çap etdi, emma ol kartdaky suratyň pida bolan adamyň suratydygy entek tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG