Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Erdogana Russiýanyň ukrain portlaryny açmak üçin Ankara bilen işlemäge taýýardygyny aýtdy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Moskwanyň Ukrainadaky konflikt sebäpli öňüni baglan ukrain portlaryny açmak meselesinde Ankara bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Putin Russiýanyň "harytlaryň deňiz arkaly päsgelçiliksiz geçirilmegine türk hyzmatdaşlary bilen utgaşdyrylan goşant goşmagyna taýýardygyny” belledi diýip, Kreml Putiniň 30-njy maýda Erdogan bilen eden telefon gürrüňine salgylanyp aýtdy.

"Bu ukrain portlaryndan ediljek galla eksportyna hem degişli." Kreml iki lideriň "Gara we Azow deňizlerinde howpsuz nawigasiýany üpjün etmek" we olaryň "suwlaryndaky mina howpuny ýok etmek" meselesini hem ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Rus güýçleri tarapyndan daşy gurşalan ukrain portlarynda onlarça konteýner gämisi ýolundan saklanýar we bu ýagdaý Russiýadan we Ukrainadan edilmeli bugdaý we beýleki haryt eksportlarynyň bokurdagyndan alýar. Bu iki ýurtdan edilýän bugdaý eksporty global bugdaý eksportynyň 30 göterimini tutýar.

Geçen hepde Putin Fransiýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylary bilen hem telefonda gürleşdi we Russiýanyň Gara deňiz portlaryndan gallanyň päsgelçiliksiz eksport edilmegine mümkinçilik tapmaga taýýardygyny aýtdy.

Emma ol Russiýanyň gabawyny ýa-da ukrain portlaryny gowşatmagyny Günbataryň çozuşdan soň Moskwa garşy girizen berk sanksiýalary aýyrmagy bilen baglanyşdyrdy.

XS
SM
MD
LG