Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ukraina Russiýa ýetjek raketa ulgamlarynyň iberilmejekdigini aýdýar


Jo Baýden
Jo Baýden

Birleşen Ştatlar Ukrainany Russiýanyň içine baryp ýetjek uzak aralyk raketa ulgamlary bilen üpjün etmez diýip, prezident Jo Baýden aýtdy.

Geçen hepde çykan habarlarda Baýden administrasiýasynyň Ukrainanyň hökümet resmileriniň Russiýa garşy söweşde ulanmak isleýän uzak aralyk raketa ulgamlaryny ibermäge ýykgyn edýändigi aýdyldy.

Baýden 30-njy maýda Delawerdäki öýünden Waşingtona gaýdyp barýarka žurnalistlere ABŞ-nyň “Ukraina Russiýanyň içine zarba urup biljek raketa ulgamlaryny ibermejekdigini” aýtdy.

CNN we “Waşington Post” gazetiniň 28-nji maýda beren habaryna görä, bu ýerde iki sany raketa ulgamy - “Multiple Launch Rocket System” ýa-da “MLRS” we “HIMARS” diýlip atlandyrylýan “High Mobility Artillery Rocket System” göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Waşingtonyň raketa ulgamlaryny ibermezlik baradaky karary “rasional” boldy diýdi.

MLRS ýüzlerçe kilometr uzaklykdaky nyşanalara bir topar raketa atyp bilýär. Ukrain hökümeti Günbatary uruşda öwrülişik gazanmak üçin özüni has uzak aralyga atýan ýaraglar bilen üpjün etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG