Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainadaky ewakuasiýa wagtynda fransuz žurnalisti öldürildi


Frederic Leclerc-Imhoff
Frederic Leclerc-Imhoff

Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebitinde, parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin bronly ulaglaryň ulanylýan wagtynda, rus toplarynyň oduna sezewar bolup, fransuz žurnalisti aradan çykdy.

Sebit gubernatory Serhiý Haýdaýyň 30-njy maýda Telegramda ýerleşdiren habarynda aýtmagyna görä, bronly ulag 10 adamy howpsuz ýere alyp çykmaga barýarka "duşman odunyň" astyna düşdi.

“Top okunyň gyçaklary awtoulagyň sowudyny deşip, ewakuasiýa barada habar berýän akkreditlenen fransuz žurnalistine agyr ýara saldy we ewakuasiýa togtadyldy” diýip, Haýdaý aýtdy.

BFM teleýaýlymy žurnalistiň Frederik Leklerc-Imhoffdygyny tassyk etdi, ol teleýaýlym üçin ikinji gezek sapara gidipdir.

Daşary işler ministri Katrin Kolonna žurnalistiň ölüminiň "mümkin boldugyça we aç-açan" derňelmegini talap etdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Twitterde Leklerc-Imhoffa hormat-sylagyny bildirdi we onuň Ukraina urşuň reallyklaryny görkezmek üçin gidendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG