Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden ABŞ-nyň Ukraina has kämil raketa ulgamlaryny iberjekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainany 80 kilometre çenli nyşana takyklyk bilen urup bilýän ösen raketa ulgamlary bilen üpjün etmek meselesine razylyk berdi.

"Biz ukrainalylary has ösen raketa ulgamlary we ok-däriler bilen üpjün ederis, bu olara Ukrainadaky söweş meýdanlarynda esasy nyşanalara has takyk zarba urmaga mümkinçilik berer" diýip, Baýden 31-nji maýda "Nýu-Ýork Taýms" gazetinde çap edilen makalasynda aýtdy.

Baýden Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň diplomatiýa arkaly tamamlanjakdygyny, ýöne gepleşikleriň barşynda Ukrainanyň has ýokary tutumlarynyň bolmagy üçin Birleşen Ştatlaryň Kiýewi möhüm ýaraglar we ok-däriler bilen üpjün etmelidigini aýtdy.

Ukraina raketalary Russiýanyň içinde ulanmazlyk barada "kepillik" bereninden soň, ABŞ Kiýewi Himars diýlip atlandyrylýan kämil artilleriýa raketa ulgamy bilen üpjün etmäge razy boldy diýip, ýokary derejeli dolandyryş resmisi aýtdy.

Resmi žurnalistlere Himars raketa ulgamlarynyň häzirki wagtda Ukrainada ulanylýan howitserlerden has uzak aralyga ýetýändigini aýtdy.

Olar 1-nji iýunda aýan edilmegine garaşylýan 700 million dollarlyk ýarag bukjasynyň bir bölegi bolar.

Täze ýarag bukjasyna ok-däriler, garşylykly ot açýan radarlar, birnäçe howa gözegçilik radarlary, tanka garşy ulanylýan “Jawelin” raketalary we bronly ýaraglara garşy ýaraglar hem bar diýip, administrasiýa wekili aýtdy.

Emma Himarslar ýarag bukjasynyň merkezi bolup, ukrainalylaryň olary Donbasda rus artilleriýasyna garşy söweşýän wagtynda almagy barada tagalla edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG