Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş başlanaly bäri wepat bolan ukrainalylaryň sany dört müňden geçdi


Uruş başlanaly bäri Ukrainanyň çäginde ölen parahat adamlaryň sany 4113-e ýetdi. Olaryň 264-si çagalar diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Kiýewdäki edarasynyň çap eden soňky habarynda aýdylýar.

Donetsk we Luhansk sebitlerinde jemi 2377 adam öldi, olaryň arasynda Russiýany goldaýan separatistleriň gözegçiligindäki sebitleriň hem 144 ýaşaýjysy bar.

Şeýle-de habarda bäş müňe golaý adamyň ýaralanandygy, olaryň 421 sanysynyň çagalardygy aýdylýar.

Adamlar esasan atyşyklar we howa zarbalary netijesinde ölýär we ýaralanýar.

BMG hakyky görkezijileriň has ýokary bolmagynyň mümkindigine ynanýar, sebäbi köp maglumat goşmaça tassyklama talap edýär.

Gyzgyn söweşleriň barýan zonasyndan alynýan maglumatlar gijigip gelýär. Mysal üçin, Mariupolda, Izýumda we Popasnaýada parahat ilatdan köp adamyň ölendigi ýa-da ýaralanandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG