Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Aýsoltan Nyýazowanyň derrew azat edilmegine çagyrýar


“Amnesty International” guramasy üçünji gün Horwatiýany Türkmenistana ekstradisiýa işini togtatmaga we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň alyp barýan syýasatlaryna berk garşylygy bilen tanalýan rus aýdym-saz toparynyň tussag edilen agzasyny häziriň özünde boşatmaga çagyrdy diýip, AP Zagrebden habar berýär.

Hukuk toparynyň aklawçylary we "Pussy Riot" toparynyň agzasy Horwatiýanyň Aýsoltan Nyýazowanyň Türkmenistanyň Interpoldan 2002-nji ýylda eden haýyşy esasynda, ogurlyk aýyplamasy bilen baglylykda saklanandygyny aýdýarlar.

Goňşulykdaky Sloweniýa hem ozal Niýazowanyy tussag etdi, ýöne derrew boşatdy diýip, habarda bellenýär.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Ukrainadaky urşa we Putiniň syýasatlaryna garşy protest bildirmek üçin Ýewropa ýurtlaryna aýlanýarlar.

Bu topar Russiýada işjeňlik görkezýän agzalarynyň türmä basylmagy netijesinde halkara meşhurlygyny gazandy.

"Horwat häkimiýetleri, Türkmenistana ekstradisiýa edilen ýagdaýynda, Aýsoltan Nyýazowanyň işjeňliginiň ony çynlakaý eden-etdilikler töwekgelligine, şol sanda gynamalara we beýleki ýowuz daraşmalara sezewar edip biljekdigini bilýär" diýip, “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa bölüminiň direktorynyň orunbasary Julia Hall aýtdy.

“Türkmenistan onuň üçin ýa-da islendik adam hukuklaryny goraýjy üçin howpsuz ýurt däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG