Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urşuň 100-nji gününde ukrain güýçleri gündogardaky rus çozgunyna garşy durýar


Wolodymyr Zelenski
Wolodymyr Zelenski

Moskwa Donbasyň ep-esli bölegini harabaçylga öwren gazaply hüjümler bilen sebitde öz gözegçiligini güýçlendirýändigine garamazdan, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň esassyz çozuşynyň 100-nji gününde ýeňşe äht etdi.

Kreml rus goşunlarynyň Ukrainanyň köp sebitini ukrain harbylaryndan “azat edendigini” aýtdy. Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 3-nji iýunda “ýörite harby operasiýanyň ähli maksatlaryna ýetilýänçä bu işiň dowam etjekdigini” öňe sürdi.

Ýöne Zelenski özüniň gysga ýöne mert çykyşynda ukrainlaryň öz ýurtlaryny 100 gün bäri rus agressiýasyna garşy üstünlikli goraýandyklaryny we muny dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Söweş meýdanynda, ukrain güýçleri gündogardaky möhüm Sewerodonetsk şäherinde gazaply rus hüjümlerine gaýtawul bermegi başardy diýip, prezident Wolodymyr Zekenski 2-nji iýunda giç agşam aýtdy.

“Biz Sewerodonetskdäki söweşlerde käbir üstünlik gazandyk” diýip, Zelenski 2-nji iýunda giç agşamky ýüzlenmesinde aýtdy, “ýöne heniz bir zat aýdardan ir” diýip, ol sözüne goşdy. Ol umumy ýagdaýyň “gaty agyr ” bolmagynda galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG