Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Russiýanyň ukrain gallasynyň parahat eksportyny “kepillendirýändigini” aýdýar


Putin ukrain gallasynyň eksporty baradaky teswirleri Senegalyň prezidenti Makki Sall (çepde) bilen duşuşyp, ýokarlanýan azyk bahalaryny maslahat edenden soň aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýaragly güýçleriniň ukrain gallasynyň Gara deňziden eksport edilmeginiň öňüni baglaýandygy baradaky aýyplamalary ret edip, öz hökümetiniň gämileriň portlardan parahat geçişini “kepillendirýändigini” aýtdy.

Putin 3-nji iýunda Russiýanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda, Kiýewiň Gara deňze mine goýýandygyny, gämileri gark edýändigini we galla ýükli gämileriň portlary terk etmeginiň öňüne geçýändigini aýdyp, ýoly baglanan galla babatda günäni Ukrainanyň üstüne atjak boldy.

Russiýa 24-nji fewralda howadan we ýerden esassyz çozuşa girişenden soňra, Ukraina Russiýa Gara deňizdäki möhüm Odessa portuny deňiz güýçleri bilen almaga synanyşyp biler diýen howatyrlanma esasynda deňze mineleri goýdy.

“Men ähli kärdeşlerimize bireýýäm köp aýtdym: goý, olar mineleri arassalasyn we galla ýüklenenen gämileriň portlary terk etmegine rugsat bersin. Biz olaryň halkara suwlara hiç hili problemasyz parahat geçişini kepillendirýäris” diýip, Putin aýtdy.

Rus prezidenti öz ýaragly güýçleriniň, mineleriň arassalanylmagyny “Ukriananyň üstüne deňizden hiç hili hüjüme girişmek üçin” ulanmajakdygyny aýtdy.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Jamestown Foundationyň harby analitigi we prezidenti Glen Howard taryhy Putiniň aýdýan sözlerine ygtybar etmeli däldigini görkezýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG