Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina meşhur TW žurnalisti, Putin tankytçysy Newzorowa raýatlyk berdi


Žurnalist Aleksandr Newzorow
Žurnalist Aleksandr Newzorow

Ukraina Russiýanyň iň tanymal TW žurnalistleriniň we Kreml tankytçylarynyň biri bolan Aleksandr Newzorowa raýatlyk berdi. Russiýada daşary ýurt agenti hökmünde tagmalanan Newzorowyň tussag edimegi barada geçen aý gaýybana karar kabul edildi.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň maslahatçysy Anton Heraşçenko 3-nji iýunda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Newzorowa we onuň aýaly Lidiýa Ukraina üçin bitiren “aňrybaş aýratyn hyzmatlary üçin” ukrain raýatlygyny bermek barada permana gol çekendigini Telegram arkaly aýtdy.

Maý aýynda Moskwanyň kazyýeti häzirki wagtda näbelli bir daşary ýurt döwletinde bolan Newzorowyň Russiýa dolananan halatynda iki aý möhlet bilen tussag etmek barada karar kabul etdi.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi Newzorowy “Russiýanyň ýaragly güýçleri barada ýalan maglumat ýaýratmakda” aýyplady.

Mart aýynda Derňew komiteti Newzorowyň rus ýaragly güýçleriniň Mariupol ukrain şäherinde bir garrylar öýüne eden ganly hüjümini YouTube we Instagram sahypalarynda tankytlap aýdan sözleri üçin, oňa garşy derňew işini açdy.

XS
SM
MD
LG