Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokurorlary urşa garşy aktiwisti raýatlykdan mahrum etmekçi bolýar


Arşak Makiçýan 2020-nji ýylyň fewralynda Moskwanyň merkezinde "Howa üçin iş taşla" şygary astynda ýeke adamlyk protest geçirýär.

Moskwanyň regional Baş prokuratura edarasy Ukrainadaky urşa protest bildiren aktiwisti Russiýanyň raýatlygyndan mahrum etmek prosesine badalga berdi. Aktiwist tutuş ömrüni Russiýada geçirdi we onuň pasporty ýatyrylsa hiç hili raýatlygy bolmaz.

Häzirki wagtda Germaniýa sapar edýän 28 ýaşly sazanda, Arşak Makçiýan 6-njy iýunda Twitterde goýan wideo beýannamasynda häkimiýetleri özüni "ümsüm bolmandygy üçin" jezalandyrmakda aýyplady.

Ol “häkimiýetler meniň hereketlerim üçin, meniň global ýylylyga garşy göreş talaplarym üçin, Ukrainadaky urşa garşy protestlerim üçin, meniň ümsüm bolmandygym üçin, ýeke-täk raýatlygymy menden almak isleýär” diýdi. Ol özüniň “dymyşlygy saklamazlyga” niýetlidigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “prezident däl, uruş jenaýatçysy we ganhor” diýip, ol aýtdy.

Ol özüni elmydama rus hasaplandygyny, aýalynyň rus bolandygyny we Russiýada bilim alandygyny sözüne goşdy.

Makiçýan şwesiýaly daşky gurşaw aktiwisti Greta Tunberg tarapyndan esaslandyrylan halkara “Geljek üçin annalar” (Fridays for Future) daşky gurşaw hereketiniň agzasydy.

Ol daşky gurşawçylar tarapyndan geçirilen rugsat berilmedik ýörişlerde birnäçe gezek rus polisiýasy tarapyndan tussag edilipdi we bir gezek şeýle protestleriň birine gatnaşany üçin alty gün möhlet bilen tussag edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG