Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Duma Russiýany Ýewropanyň Adam hukuklary sudundan çykarmak taslamasyny goldady


Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy (arhiw suraty)

Russiýanyň döwlet Dumasy ýurduň çäginde Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň ýuridiki ygtyýarlygyny togtatmak baradaky taslamany kabul etdi.

7-nji iýunda geçirilen ses berişlikde diňe oppozisiýadaky kommunistiki partiýanyň bir agzasy garşy çykdy.

Taslamanyň kanuny güýje girmegi üçin, indi oňa prezident Wladimir Putin gol goýmaly.

Dokumente laýyklykda, Russiýa 15-nji martdan soň suduň özi babatynda çykaran hökümlerini berjaý etmez.

Dumanyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin suduň käbir kararlarynyň “Russiýanyň Konstitusiýasyna, şeýle-de özleriniň gymmatlyklaryna we adatlaryna çapraz gelýändigini” öňe sürdi.

Russiýa özüniň bu karary barada suduň işlerine gözegçilik edýän düýbi Strazburgda ýerleşýän Ýewropa Geňeşine duýdurandygyny mälim etdi.

Martda Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komiteti, fewralda Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäpli, Russiýanyň geňeşdäki 26 ýyllyk agzalygyny togtatmak barada karar kabul etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG