Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maniža Ukrainadaky urşy tankytlandan soň, festiwaldan çykaryldy


Asly täjigistanly rus aýdymçysy Maniža

Russiýanyň Ukrainadaky esassyz urşuna açyk garşy çykan asly täjigistanly rus aýdymçysy Maniža 12-13-nji iýunda Sankt-Peterburgda geçirilmeli aýdym-saz festiwalyndan çykaryldy.

Geçen ýylky Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Russiýa wekilçilik eden Maniža festiwalda çykyş etmeli sungat işgärleriniň sanawyndan çykarylandygy barada 7-nji iýunda özüniň Instagram sahypasynda mälim etdi, emma başga goşmaça maglumat bermedi.

Festiwalyň guramaçylary Manižanyň çykyşynyň “özlerine bagly bolmaýan ýagdaýlar sebäpli” goýbolsun edilendigini aýtdylar.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy sebäpsiz çozmagyndan bäri, Maniža ençeme gezek urşuň bes edilmegini talap edip, çykyş etdi. Ol Ukrainadaky ýagdaýlary “doganlyk gyryş urşy” atlandyrdy we parahatçylyk gepleşiklerine çagyrdy.

Onuň bu görnüşli çykyşlaryndan soň, köp ruslar, şol sanda deputat Witaliý Milonow Manižany aýdym-saz festiwalyndan çykarmak barada çagyryş etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG