Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HOK başlygy türgenleriň gadaganlyk meselesinde hökümete boýun bolmazlygy duýdurdy


Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah (Thomas Bach)
Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah (Thomas Bach)

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah (Thomas Bach) sport federasiýalarynyň belli bir türgeni, onuň pasportyna laýyklykda, ýaryşlara goýberip-goýbermezlik baradaky kararyny seljerýän pursady, hökümetiň alyp barýan syýasatyna boýun egmeli däldigini aýtdy.

Bah Moskwanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşy sebäpli rus we belarus türgenleriniň aglaba sport federasiýalaryndan çykarylmagynyň araynda beren interwýusynda, federasiýanyň öz sport görnüşlerini kadaly dolandyryp bilmegi üçin “hökümetleriň sylagynyň zerurdygyny" aýtdy.

Ol hususanda bir tarapdan Fransiýanyň rus we belarus tennisçilerine bitarap türgen hökmünde çykyş etmäge rugsat berendigine, beýleki tarapdan bolsa Britaniýanyň öz çäginde geçiriljek ýaryşa bu iki ýurduň tennisçilerini asla gatnaşdyrmajakdygyna ünsi çekdi.

“Eger-de hökümetler özleriniň syýasy bähbitlerine görä kimiň ýaryşa goýberilip, kimiň hem goýberilmejekdigini kesgitleseler, onda sportda adalatly halkara bäsleşigiň saklanyp galjakdygyna kim güwä geçip biler?” diýip, Bah belledi.

“Eger-de bu gapyny şu gün açsaňyz, bu Russiýa bilen Belarus, ertirki gün bolsa, bu siziň ýurduňyz bolup biler. Dünýäde ähli döwletler tarapyndan gowy görülýän ýekeje-de ýurt ýok” diýip, Bah ‘InsideTheGames Olympics’ websaýtynda çap edilen interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG