Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň maslahaty geçdi


Maslahatyň çäklerinde R.Meredow özüniň hytaý, gazak, gyrgyz we özbek kärdeşleri bilen hem duşuşyklary geçirdi.

8-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň üçünji maslahaty geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, owgan meselesine, täze howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegine, pandemiýanyň täsirlerini azaltmak boýunça bilelikdäki işlere we beýleki wajyp meselelere aýratyn üns berlipdir.

Resmi maglumata görä, maslahatyň çäklerinde Meredow özüniň hytaý, gazak, gyrgyz we özbek kärdeşleri bilen hem duşuşyklary geçiripdir.

Şol bir wagtda, Eurasianet neşiriniň maglumatyna görä, hytaý daşary işler ministri Ukrainadaky “krizis” barada hem durup, Merkezi Aziýa döwletlerini “uly ýurtlaryň arasyndaky konfliktde haýsydyr bolsa bir tarapy saýlamak boýunça daşarky güýçleriň edýän synanyşyklaryndan ägä bolmagy” duýdurypdyr.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň hytaýly resminiň bu sözlerini duşdan geçirendigini we özleriniň duşuşyk baradaky beýanatlarynda Ukrainany agzamandyklaryna ünsi çekdi.

Pekin bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan geçen ýyl BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny goldaýandygyny beýan etdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinijangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär. Aktiwistler we BMG-niň hukuk hünärmenleri azyndan 1 million uýgur we beýleki musulman azlyklarynyň Sinjiaň lagerlerinde bendilikde saklanandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG