Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainadaky urşy Beýik Pýotryň XVIII asyr ýörişlerine meňzedýär


Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukraina garşy urşy Beýik Pýotryň XVIII asyrdaky ýörişleri bilen deňeşdirdi. 9-njy iýunda rus lideri patyşanyň doglan gününiň 350 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Putin rus patyşasyna bagyşlanyp, Moskwada geçirilen sergä gatnaşdy we Beýik Pýotryň 1703-nji ýylda Sankt-Peterburgy esaslandyrmagy bilen häzirki zaman Russiýanyň ambisiýalarynyň arasynda baglanyşyk gurdy. Ol öz ýurdunyň “territoriýalary yzyna almalydygyny” we “özüni goramalydygyny” aýtdy.

Pýtor täze paýtagty esaslandyranda “ýewropa ýurtlarynyň hiç haýsy ony Russiýa hökmünde ykrar etmedi. Hemmeler ony Şwesiýa hökmünde ykrar etdi” diýip, Putin aýtdy.

“Pýtor näme edýärdi? Ol yzyna alýardy we güýçlendirýärdi. Onuň eden zady şol. Yzyna almak we güýçlendirmek indi bize-de galan ýaly” diýip, ol sözüne goşdy.

“Şu esasy gymmatlyklaryň biziň barlygymyzyň esaslaryny emele getirýändigini nazarda tutanymyzda, biz öňümizdäki wezipeleri çözmekde hökman üstünlik gazanarys” diýip, Putin aýtdy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Putiniň bu teswirlerini ýer ogurlygyny kanunylaşdyrmak synanyşygy atlandyrdy

“Kreml her bir ganly ädiminiň tölegine düşüner ýaly, Günbatar aç-açan gyzyl çyzyk çyzmaly” diýip, Mihaýlo Podolýak aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG