Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula won der Leýen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşmak üçin 11-nji iýunda Kiýewe bardy. Leýen Zelenskiý bilen Ukrainanyň täzeden gurulmagy we Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna tarap öňe gidişligi meselesini maslahat etjekdigini aýtdy.
"Prezident Zelenskiý bilen täzeden gurmak üçin zerur bolan bilelikdäki işler we Ukrainanyň ýewropa ýolunda gazanan üstünlikleri barada maslahat ederin" diýip, ol Twitterde ýazan maglumatynda belledi.
Ýewropa Komissiýasynyň Ukraina ÝB-ne dalaşgär statusynyň berilmelimi ýa-da berilmeli däldigi baradaky maglumatynyň öňümizdäki hepde çap edilmegine garaşylýar.