Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina daşary ýurtly esgerleri halas etmek ugrunda bar tagallany edýär – ukrain resmisi


Sewerodonetsk, Luhansk regiony, Ukraina. 8-nji iýun, 2022 ý.
Sewerodonetsk, Luhansk regiony, Ukraina. 8-nji iýun, 2022 ý.

Ukraina ýurduň gündogaryndaky separatist Donetsk regionyndaky häkimiýetler tarapyndan ölüme höküm edilen daşary ýurtlulary halas etmek boýunça mümkin bolan ähli tagallalary edýär diýip, ukrain parlamentiniň howpsuzlyk we goranyş boýunça komitetiniň wekili aýtdy.

Separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk sebitiniň sudy Britaniýanyň iki we Morokkanyň bir raýatyny “hakyna tutma söweşijiler bolmakda”, şeýle-de Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda söweşmekde günäli tapyp, olary ölüm jezasyna höküm edipdi.

Kanunçykaryjy Fedir Wenislawskiý milli telewideniýede eden çykyşynda “ýurduň Goranmak Ministrliginiň we tussaglary çalyşmak boýunça işlere gözegçilik edýän Aňtaw boýunça milli direktoratyň daşary ýurt raýatlarynyň halas edilmegi ugrunda bar tagallany edýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG