Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus artilleriýasy Ukrainanyň gündogar şäherini oka tutýar


Sewerodonetskiň goragçylary eýýäm ençeme hepde bäri san we serişde taýdan artykmaçlyk edýän rus güýçlerine garşy söweşýärler.

Russiýanyň artilleriýasy Ukrainanyň gündogaryndaky Lysyçanks şäherine zarba urdy.

Şol bir wagtda, derýanyň beýleki tarapyndaky Sewerodonetsk şäherindäki ukrain güýçleri, rus basybalyjylarynyň ilerlemesini haýallatmak üçin, gazaply söweş hereketlerini alyp barýarlar.

Sewerodonetskiň goragçylary eýýäm ençeme hepde bäri san we serişde taýdan artykmaçlyk edýän rus güýçlerine garşy söweşýärler.

Ukrainanyň baş harby ştaby rus güýçleriniň Sewerodonetskiniň 50 km günbataryndaky Bohorodyçne obasyna hem girendiklerini mälim etdi.

12-nji iýunda irden Berdýansk port şäherinde partlamar boldy. Gowuşýan maglumatlara görä, partlamada elektrik stansiýasyna zeper ýetip, şäheriň aglaba bölegi toksuz galypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG