Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Germaniýadan has köp goldawy äşgär etmegini soraýar


Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzy Russiýa bilen konfliktde has aýdyňlaşdyryjy pozisiýasyny tutmaga çagyrdy.

Zelenski 13-nji iýunda Germaniýanyň ZDF kanalyna beren interwýusynda Şolzuň Ukraina goldawyny äşgär etmelidigini aýtdy.

Ol Şolzuň we german hökümetiniň “Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça ylalaşykly netijäniň” bolup bilmejekdigi barada karar bermelidigini aýtdy.

Zelenskiniň bu çykyşy Şolzuň ýakyn wagtda Kiýewe sapar edip biljekdigi baradaky maglumatlara gabat geldi. Bu uruş başlanaly bäri german kansleriniň Ukraina etjek ilkinji sapary bolar.

Şolz mümkin sapar barada kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG