Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň Saud Arabystanyna etjek resmi saparyna taýýarlyk görülýär


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanyna resmi sapary amala aşyrar. Munuň bilen baglylykda, 13-nji iýunda iki ýurduň baş diplomatlary sapara görülýän taýýarlyklaryň çägindäki iki taraplaýyn çäreleriň guramaçylyk işlerini maslahatlaşdyrlar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Prezidentiň etjek saparynyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, gepleşikleriň barşynda ‘meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin’ iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada hem ylalaşyk gazanylypdyr.

Mundan öň, ýagny şu aýyň başynda Serdar Berdimuhamedow, ogly Kerimguly bilen Umra zyýaratyny amala aşyrmak üçin, Saud Arabystanynda iki gün bolupdy.

Mundan soň, 10-njy iýunda türkmen prezidenti ýurtbaştutany hökmünde özüniň ilkinji resmi daşary ýurt saparyny, Ukraina garşy sebäpsiz başladan urşy üçin tankytlanýan Russiýa amala aşyrypdy.

Berdimuhamedow 14-nji iýunda resmi sapar bilen Eýrana bardy.

XS
SM
MD
LG