Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Russiýa girizilen sanksiýalary bozmajakdygyny aýtdy


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň, Moskwanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşy sebäpli, Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalary bozmajakdygyny söz berdi.

Tokaýew Russiýanyň “Rossiýa-24” tele-kanalyna beren interwýusynda Gazagystanyň Russiýa bilen “güýçlendirilen tertipde” hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirjekdigini belledi, şol bir wagtda-da “sanksiýalar sansksiýalar bolýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Ol “sansksiýalary bozanlara garşy hem gadagançylyklaryň girizilmek howpunyň bardygyny” belläp, Gazagystanyň “bulary bozup bilmejekdigini” nygtady.

Şol bir wagtda, ol rus hökümeti bilen, sanskiýalary bozmajak görnüşde, “güýçlendirilen tertipde” hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini hem aýtdy.

Mundan başga-da, Tokaýew Russiýa bilen gatnaşyklar babatyndaky, şol sanda Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady geňeşi we Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramalarynyň çägindäki ýaranlyk borçlaryny berjaý edýändigini hem belledi.

Tokaýew ýanwaryň başynda Gazagystanda dörän tolgunşyklaryň arasynda ýurda Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň esgerlerini çagyrypdy. Bu ädim nebite baý Merkezi Aziýa ýurdunda köp tankytlary döretdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG