Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Oba-hojalyk sekretary ukrain portlarynyň ‘dessine’ açylmagyna çagyrdy


Russiýanyň harby-deňiz güýçleri Ukrainanyň Gara deňizdäki portlaryny eýýäm ençeme hepde bäri gabawda saklaýar

ABŞ-nyň Oba-hojalyk boýunça sekretary Russiýany Ukrainanyň deňiz portlaryny dessine açyp, ýurtdaky millionlarça tonna hasylyň eksport edilmegine mümkinçilik döretmäge çagyrdy. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň satellit kompaniýasy rus gämileriniň ukrain gallasyny Siriýa ugradýandygyny görkezýän suratlarynyň bardygyny aýdýar.

Oba-hojalyk sekretary Tom Wilsak BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynda žurnalistler bilen söhbetdeşliginde emele gelen ýagdaýlaryň “çynlakaýdygyny” aýtdy, şeýle-de azyk önümleriniň “ýarag” hökmünde ulanylmaly däldigini belledi.

Russiýanyň harby-deňiz güýçleriniň Ukrainanyň Gara deňizdäki portlaryny eýýäm ençeme hepde bäri gabawda saklamagy netijesinde, söwda ýük gämileri ukrain hasylyny dünýä bazarlaryna çykaryp bilmeýärler.

Moskwa deňiz ýollarynyň açylmagy üçin, Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşy sebäpli girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny talap edýär.

Emele gelen ýagdaýlar sebäpli dünýädäki gallanyň bahasy ýokarlandy, şeýle-de Ýakyn Gündogar we Afrika döwletlerinde üpjünçilik ýetmezçiligi döräp başlady.

Bu aralykda, Ukraina Russiýanyň öz gallasyny ogurlaýandygyny aýdýar.

Muňa güwä hökmünde, ABŞ-nyň satellit suratlaryny düşürýän Maxar kompaniýasy rus baýdakly gämileriniň Ukrainadan gallany Siriýa daşaýandygyny görkezýän şekilleriniň bardygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG