Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada söweşen ABŞ-nyň iki weterany ýitirim boldy


Russiýanyň Ukrainanyň Harkiw şäherine uran zarbalarynyň netijeleri

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň hatarynda rus basybalyjy goşunyna garşy söweşen ABŞ-nyň ozalky harbylarynyň ýitirim bolandygy barada maglumatlar bar. Olaryň rus goşuny tarapyndan ýesir alnan bolmagynyň mümkindigi boýunça hem howatyrlanmalar bildirilýär.

ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň ozalky agzalary 27 ýaşly Andi Huýnhiň we 39 ýaşly Aleksander Druekeniň ýakynlarynyň 15-nji iýunda beren maglumatyna görä, soňky gezek olar bilen bir hepde ozal habarlaşmak başardypdyr.

Maglumata görä, olar Harkiw regionynda geçirilen harby operasiýadan soň yzyna dolanmandyrlar. Şol wagt rus güýçleriniň bu sebite uly zarba urandygy aýdylýar.

16-njy iýunda Ak tam ABŞ-nyň iki raýaty barada “goşmaça maglumat öwrenmek ugrunda güýçli tagalla” edýändigini aýtdy.

Döwlet departamenti hem Russiýanyň ýa-da Russiýa tarapyndan goldanylýan separatist güýçleriniň iki amerikan raýatyny saklandygy baradaky maglumatlary seljerýändigini mälim etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryň bu meseläni Russiýa bilen gozgamandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG