Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň gündogaryndaky söweşler ýitileşýär


Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainanyň şäherlerine urýan zarbalarynyň netijeleri
Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainanyň şäherlerine urýan zarbalarynyň netijeleri

Ukrainanyň Donbas sebitinde agyr çaknyşyklar alnyp barylýar. Rus goşunynyň möhüm Sewerodonetsk şäherine we onuň golaý sebitlerine zarbalary ýagdyrýandygyna garamazdan, ukrain güýçleri garşylyk görkezmegini dowam etdirýärler.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji iýunda çap eden gündelik brifinginde rus harbylarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda Sewerodonetskden 55 km günortada ýerleşýän Popasna okuny ele geçirmek ugrunda tagalla edendigini aýtdy. Eger bu sebit ruslaryň eline geçse, bu Sewerodonetskiň daşyny gabawa almaga mümkinçilik berer.

Ukrainanyň baş harby ştabynyň 16-njy iýunda giçlik beren maglumatyna görä, Sewerodonetskde we onuň Siwerskiý Donets derýasynyň beýleki tarapyndaky Lysyçansk ekiz şäherinde agyr çaknyşyklar alnyp barylýar.

Sewerodonetsk ugrundaky söweş eýýäm ençeme hepde bäri dowam etdirilýär. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenki bu şäher ugrundaky söweşiň Donbasyň ykbaly üçin aýgytlaýjy bolup biljekdigini aýdypdy.

Eger-de rus basybalyjy güýçleri Sewerodonetski we Lysyçansky ele geçirseler, Moskwa tutuş Luhansk sebitine gözegçilik eder.

Ýerli ukrain resmileri Sewerodonetskde 10 müň töweregi parahat ilatyň gabawda galýandygyny, şeýle-de olaryň zerur hajatlary üçin serişdeleriniň gutarýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG