Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel baýragynyň laureaty Muratow täze media taslamasyny yglan etdi


Dmitri Muratow
Dmitri Muratow

Nobel parahatçylyk baýragynyň ýeňijisi, işi togtadylan "Nowaýa gazeta" neşiriniň baş redaktory bolan Dmitri Muratow meýilleşdirilen täze habar media taslamasyny yglan etdi.

Muratow 16-njy iýunda beren beýanatynda “NO” atlandyryljak täze habar taslamasynyň adynyň işi togtadylan gazetiň adynyň başdaky iki harpyndan ybarat boljakdygyny aýtdy. Ol täze taslamany “Nowaýa gazeta” goşundy hökmünde garaýandygyny aýtdy. “No” sözi rus dilinde “ýöne” diýen manyny berýär.

“Biz bu at bilen YouTube kanalyny hem işe girizeris” diýip, Muratowyň beýanatynda aýdylýar. Ýöne, başga jikme-jiklik berilmeýär.

“Nowaýa gazeta” Russiýanyň Ukraina esassyz çozuşy barada beren habarlary bilen baglylykda döwlet media düzgünleşdirijisi “Roskomnadzordan” alan duýduryşlarynyň yz ýany, martyň ahyrlarynda öz işini togtatdy. “Nowaýa gazetanyň” habarlary “Roskomnadzora” gazeti kazyýet ýoly bilen ýapmaga ýol açyp bilerdi.

Russiýa Ukrainadaky wakalaryň metbugatda şöhlelenişini berk çäklendirýär, olary “ýörite harby operasiýa” atlandyrýar.

Başga-da birnäçe rus köpçülikleýin habar beriş serişdesi özleriniň berýän habarlarynyň çäklendirilmeginiň deregine, bireýýäm öz işlerini togtatmagy saýlap aldy. Kreml hem bir topar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdesini petikledi.

“Nowaýa gazetanyň” sürgünlikdäki žurnalistleri geçen aý Latwiýada täze bir neşiriň işine badalga berdi. Riganyň gazet tekjelerinde we internet giňişliginde “Nowaýa gazeta. Ýewropa” 6-njy maýda peýda boldy. Bu neşir Latwiýanyň neşirýat öýi bilen Russiýadan daşary ýurda gaçan redaktorlaryň hyzmatdaşlyk etmeginde çap edilýär.

XS
SM
MD
LG