Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Gündogar Ukrainadaky gumanitar ýagdaý ‘gaty howsalaly’


Kiýewiň etegindäki Motyşçä edilen hüjümde öýi weýran edilen aýal döwük penjireden daşaryk seredýär.

Birleşen Milletler Guramasy 17-nji iýunda, Russiýanyň esassyz çozuşynyň dördünji aýynda, gündogar Ukrainadaky gumanitar ýagdaýyň “gaty howsalaly” derejä baryp ýetendigini we barha ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

“Tas dördünji aýa golaýlaýan uruş başlanaly bäri, tutuş Ukrainada, hususan-da gündogar Donbasda gumanitar ýagdaý gaty howsalaly we çalt ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär” diýip, Ynsanperwer meselelerini utgaşdyrmak boýunça BMG edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Ynsanperwer meseleleri boýunça BMG edarasy, hususan-da, soňky birnäçe hepde bäri gazaply söweşleriň barýan ýeri bolan gündogar Ukraina şäherinde – “Sewerodonetskde we onuň töwereginde ýagdaýlaryň aýratyn alada döredýändigini” aýtdy.

“Aýdyşymyz ýaly, Sewerodonetskde müňlerçe adam, şol sanda aýallar, çagalar we garrylar yzygiderli bombalamalary we çaknyşyklary başdan geçirýärler” diýip, beýanatda aýdylýar.

“Çaknyşygyň taraplary ýa asuda raýatlaryň howpsuz ewakuasiýa edilmegi, ýa-da olary gyssagly kömek bilen üpjün etjek ýardam işgärlerine ýol açylmagy babatda ylalaşyga gelmedi” diýip, beýanatda aýdylýar.

BMG şäheriň arassa suw, azyk, arassaçylyk we tok üpjünçiliginiň juda peselýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG