Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Ukraina, Moldowa dalaşgär statusynyň berilmegini maslahat berýär


Ýewopa Komissiýasynyň prezidenti (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski. Kiýew. Ukriana. 11-nji iýun, 2022 ý.

Ýewropa Komissiýasy Ukraina we Moldowa Ýewropa Bileleşigine dalaşgär durumynyň berilmegini maslahat berip, taryhy ädim ätdi. Bu ädim iki ýurduň Ýewropa Bileleşigine doly integrasiýa bolmagy ugrunda, megerem, uzaga çekjek prosesiň başlangyjy boldy.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen tarapyndan 17-nji iýunda berlen rekomendasiýa bileleşige agza ýurduň liderleriniň öňümizdäki hepde Brýusselde geçiriljek sammitinde maslahat ediler.

Agzalyk gepleşiklerine başlamak üçin ähli agza ýurtlaryň muny bir agyzdan tassyklamagy zerur bolup durýar.

ÝB düzüminiň karary Kiýewiň Russiýanyň weýrançylykly urşuna garşy göreşýän wagtyna gabat gelýär. Russiýa 24-nji fewralda öz goňşusyna garşy esassyz çozuşa girişdi. Çozuşda onlarça müň adam öldürildi we ägirt uly maddy zyýan ýetdi.

“Biziň ählimiz ukrainalylaryň ýewropa nukdaýnazary üçin ölmäge taýýardygyny bilýäris. Biz olaryň biz bilen ýewropa arzuwyny ýaşamagyny isleýäris” diýip, fon der Leýen Brýusselde geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Hawa, Ukraina dalaşgär ýurt hökmünde makullanmaly – bu, gowy iş edildi, ýöne möhüm iş entek edilmeli diýen düşünjä esaslanýar” diýip, fon der Leýen aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu karary “bize ýeňşi, gürrüňsiz, has golaý getirjek ÝB agzalyk ýolunda ilkinji ädim” hökmünde dessine makullady.

Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu hem Ýewropa Komissiýasynyň kararyny gutlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG