Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Ukraina ýene raketa sistemalaryny ugratmak mümkinçiligine seredýär  


Pentagon harby kömeginiň indiki tapgyrynda Ukraina ýene dört sany HIMARS raketa sistemasyny ibermegi göz öňünde tutýar. Mundan ozal hem dördüsini ibermek karar edilipdi. Bu barada "Politico" ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň anonim çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Bu karar Ak tam tarapyndan tassyklanmaly.

"Politico" guramasynyň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň önümi bolan şuňa meňzeş ýene üç sany M270 kysymly sistemanyň Britaniýa we Germaniýa tarapyndan Ukraina ugradylmagy wada berilýär.

“HIMARS” we “M270” 80 kilometre çenli uzaklykda ýerleşýän nyşana zarba urup biler, bu bolsa Russiýanyň bir pursatda ençeme raketa atýan sistemalarynyň ukybyndan has ýokary hasaplaýar. Munuň Ukrainanyň goşunyna, hususan-da häzirki wagtda Russiýanyň esli artykmaç möçberde ulanýan artilleriýasyna garşy göreşde kömek eder öýdülýär. Teoretiki taýdan ýaragyň weýrançylyk radiusy has ýokary bolup biler, emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň giňişligindäki ýerleriň nyşana alynmak ähtimallygyny aradan aýyrmak üçin degişli ok-däriler bilen üpjün etmejekdigini aýtdy.

Ukraina has köp raketa atyjy enjam soraýar. Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Mihailo Podolýak ýakynda eden çykyşynda ukrain goşunynyň frontda Russiýa bilen deňligi gazanmak üçin birnäçe müň bölek agyr enjamyň gerekdigini aýtdy, şol sanda 300 reaktiw sistemasyny agzady.

Indi ukrain goşuny HIMARS ulgamlaryny ulanmak boýunça telimi tamamlaýar. Mundan başga-da, häzirki zaman günbatar ýaraglaryny abatlamak üçin hem sistemany guramaly.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, şeýle hem, raketa sistemasyny ulanmak üçin Ukraina bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy hem wada berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG