Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Ukrainadaky söweşleriň birnäçe ýyla uzaga çekip biljekdigini duýdurdy


Donetskiň oka tutulmagy, 2022-nji ýylyň 18-nji iýuny

NATO-nyň baş sekretary Ukrainadaky söweşleriň birnäçe ýyllap dowam edip biljekdigini duýdurdy we "çykdajylar köp bolsa-da" Kiýewi iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün etmäge çagyrdy. Ukrainanyň ýaranlary Russiýanyň Ukraina esas berilmedik çozuşy dowam edýärkä halkara "ýadawlygyň" öňüni almaga synanyşýarlar.

Duýduryşlar Russiýanyň Sewerodonetskä we gündogar Ukrainanyň beýleki şäherlerine garşy hüjümlerini güýçlendiren wagtynda we Ýewropa Bileleşiginiň indiki hepde Ukrainany öz hataryna dalaşgär etmek boýunça teklip hödürlemeginiň öňüsyrasyna gabat geldi.

NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg 19-njy iýunda Germaniýanyň "Bild" we "Sonntag" gazetlerine beren interwýusynda "Munuň birnäçe ýyl uzaga çekip biljekdigine taýyn bolmaly. Ukrainany goldamakdan el çekmeli däldiris" -diýdi.

"Munuň bahasy diňe harby goldawyň çykdajylary üçin däl, eýsem energiýa we azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen bagly ýokary bolsa-da" diýip, Stoltenberg aýtdy.

Ukraina goldaw görkezmek üçin 18-nji iýunda Kiýewe sapar eden Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Londonyň “Sunday Times” gazetine beren interwýusynda “wagt möhüm faktor” diýdi we “hemme zat Ukrainanyň öz topragyny goramak ukybyny Russiýanyň hüjüm etmek mümkinçiligini artdyrmagyndan näderejede öň güýçlendirip bilmegine bagly bolar" diýip belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG