Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan generaly: Goşun Russiýa söweş meýdanynda garşylyk görkezmäge taýýar bolmaly


Britan harbylary polşaly esgerler bilen harby türgenleşik geçýärler. 2014 ý.
Britan harbylary polşaly esgerler bilen harby türgenleşik geçýärler. 2014 ý.

Britaniýanyň ýokary derejeli täze harby generaly Russiýanyň Ukrainada başladan esassyz urşunyň Britaniýanyň harby pudagynyň keşbini üýtgedendigini aýtdy, şeýle-de ýurduň harbylarynyň beýleki ýaranlar bilen birlikde Russiýany söweş meýdanynda ýeňmek mümkinçiligine eýe bolmalydygyny belledi.

General Patrik Sanders esgerlere eden ýüzlenmesinde Russiýanyň abandyrýan howpunyň netijesinde “durnuksyzlygyň täze döwrüniň başlanandygyny” duýdurdy.

General Sanders bu barada britan armiýasynyň komandowaniýesini öz üstüne alanyndan üç günden soň, ýagny 16-njy iýunda garamagyndaky ähli harby we raýat gullukçylara içerki hat alşygynyň dowamynda ýollan ýüzlenmesinde belledi. Britan mediasy bu barada 19-njy iýunda giňişleýin habar berdi.

Sanders öz wezipe borjunyň britan armiýasyny mümkingadar netijeli etmekden ybaratdygyny aýtdy. Ol Russiýanyň Ukraina çozmagynyň “rus agressiýasyna garşy güýç wehimi bilen garşy durmalydygy baradaky garýyşlary berkidendigini” hem nygtady.

BBC-niň goranmak pudagyndaky çeşmesi hatyň äheňiniň geň galdyrmandygyny aýtdy. Ol ähli armiýalaryň söweşmek üçin türgenleşýändigini belledi, emma şol bir wagtda häzir howpuň açyk üýtgändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG