Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside onlarça müň adam Gürjüstanyň ÝB agzalygyny goldap ýöriş geçirdi


Tbiliside geçirilen ýöriş. 20-nji iýun, 2022 ý.
Tbiliside geçirilen ýöriş. 20-nji iýun, 2022 ý.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside onlarça müň adam ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň agzalygy üçin tabşyran arzasyna goldaw görkezip, demonstrasiýa geçirdi. Mundan öň, Ýewropa Komissiýasy Gürjüstanyň arzasyny yza süýşürmek barada maslahat beripdi.

Demonstrantlar Gürjüstanyň, Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny göterip, parlament binasynyň daşynda toplandylar.

“Ýewropa ugrundaky ýöriş” çäresini demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän ýurduň öňdebaryjy toparlary guramalaşdyrdy.

Ýörişi ýurduň ençeme oppozisiýa partiýasy hem goldady. Olar munuň bilen “Gürjüstanyň halkynyň Ýewropa we Günbatar gymmatlyklary ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny äşgär etmek isländiklerini” aýtdylar.

“Ýewropa Bileleşigine goşulmak bu gürjüstanlylaryň taryhy saýlap alan ugry we ymtylmasy. Munuň üçin ähli nesiller belli bir derejede gurban berdi” diýip, ýörişiň guramaçylarynyň biri Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

Demonstrasiýanyň dowamynda okalan manifestda hökümete anyk talaplary äşgär etjek hereketiň döredilýändigi mälim edildi. Eger-de soralýan şertler berjaý edilmese, onda “köpçülikleýin boýun egmezlik” çäresiniň yglan ediljekdigi bilen haýbat atyldy.

Manifestda Gürjüstanyň Ýewropa tarap ýolundaky esasy bökdençlik – ýurduň häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasynyň esaslandyryjysy – Bidzina Iwanişwili diýlip görkezilýär. Iwanişwiliniň häkimiýetde wezipesi bolmasa-da, ýurt babatyndaky esasy kararlary onuň hut özüniň kabul edýändigine ynanylýar.

XS
SM
MD
LG