Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Luhanskda şäherçeleri ele geçirýär, sebite zarba ýagdyrýar


Ýüzlerçe asuda raýatyň pena tapa ýeri bolan Azot himiýa zawodyndan tüsse we ýalyn ýokaryk göterilýär. 18-nji iýun, 2022 ý.

Rus güýçleri Luhansk sebitiniň hüjüm astyndaky Lysyçansk we Sewerodonetsk şäherleriniň golaýynda iki şäherçäni ele geçirdi diýip, ukrain goşuny 21-nji iýunda aýtdy.

Ele geçirilen Pidlisne we Myrna Dolyna şäherçeleri Toşkiwa-Pidlisnäniň ugrunda ýerleşýär diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştaby agşam beren hasabatynda aýtdy.

Şeýle-de, ukrain serkerdeligi rus güýçleriniň Horske sebitiniň Bila Hor ugry boýunça “bölekleýin üstünlik” gazanandygyny aýtdy, ukrain esgerleri bolsa Wysokiý ugry boýunça edilýän hüjümleri üstünlikli yza serpikdirdi.

Has ozal, Ukraina Russiýanyň front çyzygynda ýerleşýän Toşkiwa obasyny alandygyny tassyklady.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Luhansk sebitinde harby ýagdaýlaryň örän kyndygyny aýtdy, Russiýa möhüm sebitlerden ukrain güýçlerini çykarmak işlerini artdyrdy.

“Bu hakykatdan-da iň kyn ýer. Basybalyjylar güýçli basyş edýär” diýip, Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Lysysançsk we onuň ekiz şäheri bolan Sewerodonetsk şäherlerine zarbalary dowam etdirýän rus güýçleri “weýrançylykly” zyýan ýetirdi diýip, biraz öň ukrain resmileri aýtdy.

Ukrain goragçylary 500 asuda raýatyň pena tapan ýeri bolan Azot himiýa zawodyny goramagy dowam etdirýärler.

Luhansk sebitiniň harby häkimi Serhiý Haýdaý AP beren interwýusynda rus güýçleriniň sebiti “harabaçylyga öwürýändigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG