Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB sammitiniň deslapky beýannamasynda Ukraina, Moldowa dalaşgärlik statusy kepillendirilýär


Dalaşgär ýurt statusyny ÝB-niň ähli 27 agzasynyň goldamagy şertdir.

Ýewropa Bileleşiginiň Brýuselde başlanan sammitiniň jemleýji beýannamasynda Ukraina we Moldowa üçin bloga dalaşgärlik statusyny bermek meýilleşdirilýär diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň gören dokumentinde bellenilýär.

ÝB liderleriniň sammti 23-24-nji iýun aralygynda Belgiýanyň paýtagtynda geçýär.

“Ýewropa Geňeşi Ukraina we Moldowa respublikasyna dalaşgär ýurt statusyny kepillendirmek kararyna geldi” diýip, senesi 21-nji iýun diýlip görkezilen dokumentde aýdylýar. Mundan başga-da, onda Tbilisi birnäçe şerti berjaý etse, Gürjüstana hem şular ýaly statusyň beriljekdigi bellenilýär.

“Bu ýurtlaryň we olaryň raýatlarynyň geljegi Ýewropa Bileleşiginiň içindedir” diýip, dokumentde nygtalýar.

Bu karary Bileleşigiň ähli 27 agzasynyň goldamagy şertdir. Şol bir wagtda, hiç bir agza ýurduň muňa garşy çykmajakdygyna meňzeýär.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 22-nji iýunda Torontodaky studentlere eden wideo-ýüzlenmesinde Ýewropa Bileleşiginiň ähli 27 agzasynyň Ukrainanyň dalaşgärlik statusyny goldajakdygyna ynanýandygyny aýtdy, şeýle-de munuň “tümlükden ýagtylyga çykmak” ýaly bir özgeriş boljakdygyny sözüne goşdy.

Ýewropa edarasynyň bu babatdaky adaty bolmadyk ädimi Kiýewiň Russiýanyň basybalyjy güýçlerine garşy söweşýän döwrüne gabat geldi. Moskwa 24-nji fewralda Ukraina esassyz çozup, onlarça müň adamyň ölümine we uly weýrançylyklara sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG