Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Ukraina we Moldowa resmi dalaşgär statusyny berdi


ÝB sammiti

Ýewropa Bileleşigi Ukraina we Moldowa üçin bloga dalaşgär statusyny bermek barada resmi taýdan ylalaşyp, “taryhy” ädim etdi. Bu özgeriş Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda Moskwanyň bu iki döwletiň meýillerine ýiti nägilelik bildirmeginiň arasynda bolup geçdi.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Miçel bu baradaky karary 23-nji iýunda Brýusselde başlanan sammitiň dowamynda yglan etdi, şeýle-de muny taryhy pursat diýip atlandyrdy.

Miçel “bu siziň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky tagallalaryňyzdaky möhüm ädim boldy. Biziň geljegimiz birlikde” diýip belledi. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski öz ýurduna ÝB-niň dalaşgär statusynyň berilmegini gutlady we Bileleşigiň liderlerine gelen netijesi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

“Bu Ukraina-ÝB gatnaşyklaryndaky ajaýyp we taryhy pursat” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Mundan başga-da, şu ýylyň başynda ÝB-e dalaşgär bolmak üçin arza tabşyran Gürjüstan bloga “perespektiw” agza hökmünde ykrar edildi.

Miçel Gürjüstan “kesgitlenen möhüm şertleri berjaý etse, onda ÝB-niň oňa hem dalaşgärlik statusyny kepillendirmäge taýýardygy” barada özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ukraina 24-nji fewralda Russiýanyň esassyz çozmagyndan bäri bir hepdeden hem az wagtyň geçmeginden soň, ÝB agzalyga arza tabşyrdy.

Russiýanyň hüjümi dalaşgärlik statusyny bermek prossesini hem adatdakysyndan has çaltlaşdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG