Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain güýçleri Sewerodonetskden yza çekilýär


Ukrainanyň Donbas sebitindäki ukrain goragçylary. 21-nji iýun, 2022 ý.

Ukrain güýçleri, Russiýanyň dowamly ýagdyrýan zarbalarynyň arasynda, rus güýçleriniň ele geçiren Sewerodonetsk şäherinden yza çekilerler diýip, 24-nji iýunda ýerli resmi mälim etdi.

Bu aralykda, Moskwa Luhansk regionyndaky ukrain goragçylarynyň soňky garşy duruş sebitini doly gabawa almagy maksat edinýär.

Russiýa soňky hepdeleriň dowamynda, gowşamaýan agyr artilleriýa zarbalarynyň netijesinde, Sewerodonetsk ugry boýunça ilerlemegi başardy. Ruslaryň hüjümleri sebäpli, uruşdan öň 100 müň ilaty bolan bu şäheriň aglaba sebiti harabalyga öwrüldi.

Şol bir wagtda, Lysyçansk şäheriniň günortasyndaky sebitlerinde ukrain goragçylary rus hüjümini yza tesdirmegi başardylar.

Luhansk regionynda eýýäm ençeme hepde bäri alnyp barylýan söweş hereketleri iki tarapyň-da şahsy düzüm we serişde resurslaryny kemeltdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG